Nowruz geldi ilime

Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ata Watanymyz “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip atlandyrylan ýylda eşretli durmuşyň hözirini görýän halkymyzyň her bir güni şowhunly, şatlykly toýlara beslenýär, baýramlarymyz goşa-goşadan gelýär. Şeýle dabaralaryň biri hem baharyň gelmegi bilen uludan bellenilýän Milli bahar baýramy - Nowruz baýramydyr. Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Nowruz ýaýlasynda, Türkmeniň Ak öý binasynyň öňündäki baýramçylyk meýdançasynda ýokary guramaçylykly geçirilen dabara Ahal welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirligi we garamagyndaky edara-kärhanalary hem işjeň gatnaşdylar. Milli bahar baýramy mynasybetli milli öwüşgine çaýylan meýdançada türgenlerimiziň ýerine ýetirmeginde ýaglyga towusmak, düzzüm, milli göreş, aşyk oýny ýaly milli oýunlarymyzy ýerine ýetirdiler. Dabara gatnaşýanlaryň ählisi türkmen sportynyň hak howandary Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza ömürleriniň uzak janlarynyň sag bolmagyny, tutýan tutumly işleriniň mundan beýläkde rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler!