«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany»

“Türkmenistan Parahatçylygyň we Ynanyşmagyň Watany” ýylynda Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 08-nji ýanwaryndaky 2080 belgili karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýastynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny” amala aşyrmak boýunça Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministirliginiň ýaşlar syýasaty bölüminiň hem-de welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirlikleriniň başlyklarynyň, hünärmenleriniň gatnaşmagynda 2021-nji ýylyň fewral aýynyň 16-na wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahaty geçirildi. Geçirilen iş maslahatynda alynyp barylýan işleriň netijelerini seljermek şeýle-de öňümizde duran maksatlar barada alynyp barylmaly çäreler boýunça meseleler maslahatlaşyldy.