«Halkyň Arkadagly zamanasy»

“ Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda Gökdepe daýhan birleşigindäki sport mekdebinde öz ugrunda tälimçileriň 10 sanysy sportuň 8 görnüşi boýunça türgenleşik sapaklaryny yzygiderli alyp barýarlar.Olar etrap derejesinde geçirilýän ýaryşlarda öz türgenleri bilen çykyş edip, türgenleriniň etrabyň ýygyndy toparynyň hataryna goşup welaýat we döwlet derejesinde geçirilýän ýaryşlara gatnaşýarlar. Sport mekdebiň ussat tälimçileri kýukşinkaý karate boýunça A.Durdyýewiň,milli –göreş boýunça R.Hojamyradowyň we atçylyk sportunyň konkur görnüşi boýunça B.Garajaýewiň türgenleri welaýat etrap hem-de döwlet derejesinde geçirilýän ýaryşlarda birnäçe baýrakly orunlary eýelediler.Mundan başgada ussat baýry tälimçiler täze başlan ýaş tälimçilere tälimçiligiň inçe tilsimlerini türgenlere yzygiderli okuw- türgenleşik sapaklaryny geçmekligi öwredýärler. Sport mekdebiň ussat tälimçileri Hormatly Prezidentimiziň özleri üçin edýän aladalaryna jogap edip, sport görnüşleri boýunça milli ýygyndy toparymyzyň hatarynda öz türgenleriniň çykyş etmeklerini gazanmak üçin gije-gündiz zähmet çekýärler.