Sarahs şäheri we onuň sebitleri dürli taryhy döwürlerde diňe bir Merkezi Aziýada däl, eýsem, tutuş Alynky Gündogarda ýaşan halklaryň ykballarynda wajyp ähmiýete eýe bolan wakalaryň şaýady bolupdyr. Ol häzir etrap merkezi bolan Sarahs şäherçesiniň günorta-gündogarynda ýerleşýär. Köne Sarahs şäheri biziň eýýamymyzdan öňki VI – IV asyrlarda Ahmeniler döwründe döräpdir. Biziň eýýamymyzdan öňki II asyrda Sarahs Parfiýa döwletiniň düzümine birikdirilýär we Siraken diýen ady göterýär. Biziň eýýamymyzyň öňki VII asyrynyň ikinji ýarymyndan soň, Köne Sarahs şäheriniň ähmiýeti has-da artýar. Sebäbi Beýik Ýüpek ýolunuň esasy ugurlarynyň biri üýtgäp, Sarahs şäheriniň üstünden geçip başlaýar. Eýranyň merkezi welaýatynyň biri bolan Nişapur şäherinden Merwe we yzyna gaýdýan kerwenler hökmany suratda Sarahs şäheriniň üstünden geçipdir. Sarahs şäheriniň gülläp ösen döwri orta asyrlara gabat gelýär. Orta asyrda ýaşap geçen taryhçylaryň, alymlaryň ýazgylary bu barada aýdyň maglumatlar berýär. Gala gadymy Amul, Merw, Köneürgenç şäherleri ýaly halkara söwda merkezleri bilen ýakyn gatnaşykda bolupdyr.