Garahan gala - bu gala Kaka etrabynyň Garahan obasyndan takmynan 5-6 kilometr demirgazykda ýerleşýär. Gala taraplary 120 metre deň bolan dörtburçlyk görnüşinde gurlupdyr. Galanyň günorta tarapdaky ganatynyň ortasynda giňligi 3,5 metre barabar bolan derweze gurlupdyr. Derwezäniň iki gapdalynda diwaryň deňesinden 3,5 metr öňe çykyp duran, töwerek görnüşinde salnan iki sany diň bolup, olaryň beýikligi 4 metre barabardyr. Dörtburçlyk görnüşinde bina edilen bu galanyň her burçunda bir diň uzakdan seleňläp görünýär. Emma galanyň içine aralaşyp, syn etseň welin, günbatar, demirgazyk, gündogar we günorta ganatlarynyň ortasynda hem diňleriň bolandygy mese-mälim bildirip dur. Umuman galada jemi 9 sany diň bolupdyr. Diwarlary 1 metr inlilikde pagsadan salnyp, olaryň häzirki beýikligi 4 metr çemesidir. Gala XVIII asyryň aýaklary XIX asyryň başlary bilen senelenýär. Galanyň ilaty ekerançylyk we maldarçylyk bilen meşgul bolupdyr.