Namazgadepe

Kaka etrap merkezinden 7 kilometr çemesi günbatarda, 70 gektar meýdany tutup ýatan Namazgadepe örän uly ähmiýetli, ajaýyp täsinlikleri bilen tapawutlanýan arheologiýa ýadygärligidir. Namazgadepe Orta Aziýada ykdysady we medeni ösüşiň ilkinji nobatda bir ýere jemlenip, şäheri emele getiren ýeridir. Türkmenistanyň iň gadymy döwri – ekerançylyk işleriniň ýüze çykyşy öwrenilende «Namazgadepe medeniýetiniň» deňeşdirmek üçin ölçeg birlik hökmünde alynmagy ýöne ýerden däldir. Sebäbi Namazgadepe ýadygärliginiň biziň eramyzdan öňki V müňýyllykdan başlanýan taryhy bar. «Namazga» aslynda «namazgäh» sözi bolup, onuň «namaz okalýan ýer» diýen manysy bardyr. Bu ýere ýakyn oturan Abiwerd şäheriniň ilaty irki orta asyrlarda eýýämhaçan göçülenden soň çig kerpiçden gurlan köşgi-eýwanlary, kaşaň ymaratlary weýran bolup, eräp, topraga öwrülip, depe bolup galan gadymy şäheriň ornunda mukaddes ýer hökmünde metjit gurupdyrlar we ol ýere namaz okamaga barar ekenler. Seýil edilýän ýere «seýilgäh» diýlişi ýaly, namaz okamaga barylýan ýere-de «namazgäh» diýmek orta asyrlarda ýörgünli bolupdyr.