Halkyň hakydasynda özüniň gözelligi hem-de beýikligi bilen haýran galdyrýan uly şäherleriň aýry-aýry binalaryň her biri hakynda rowaýatlar ýaşaýar, taryhymyz baradaky takyk ylmy maglumatlar gymmatly ýazuw çeşmelerinde saklanýar. Ine olaryň biri hem Seýitjemaleddin metjididir. Aşgabadyň 12 kilometr gündogarynda ýerleşmek bilen özboluşly aýratynlyklary bardyr. Metjidiň girelgesiniň ýokarsynda Horasanyň hökümdary (1446-1457ý.) soltan-Kasym-Babyryň adyny tutýan ýazgylar bar. Beýleki ýazgylarda “Gözellik öýüni” Muhammet diýen biriniň öz kakasy Jemal-ed-dünýä-wad-diniň ýadygärligi üçin serişdeleri bilen 1455-1456-njy ýyllarda gurdurandygy hakynda maglumat getirilýär. Metjidiň girelgesindäki arkanyň üstünde biri-birilerine tarap süýnüp gelýän aždarhanyň şekili çekilipdir. Şuňa meňzeş aždarhalaryň şekillendirilişiniň nusgasy Orta Aziýada başga ýerde gabat gelmeýär. Bu suratlaryň gelip çykyşy barada halkyň arasynda rowaýatlar bar emma hazire çenli gutarnykly düşündirşi tapylanok.