Gökdepe etrabynyň sport mekdebinde 2022-nji ýylyň 4 aýynda Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň tassyklan meýilnamasy esasynda bernäçe işler amala aşyryldy. “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda sport mekdebinde öz ugrundan ussat tälimçileriň 19 sanysy sportuň 12 görnüşinden türgenleşik sapaklaryny yzygiderli alyp barýarlar. Olar etrap derejesinde geçirilýän ýaryşlarda öz türgenleri bilen çykyş edip, türgenleriniň etrabyň ýygyndy toparynyň hataryna goşup, welaýat we döwlet derejesinde geçirilýän ýaraşlara gatnaşýarlar. Sport mekdebiň ökde tälimçileri karate-do boýunça S.Setdarowyň, küşt boýunça A.Paşşyýewiň we ýeňil atletika boýunça G.Annadurdyýewiň türgenleri welaýat hem-de döwlet derejesinde geçirilen ýaryşlarda birnäçe baýrakly orunlary eýelediler. Mundan başgada ussat baýry tälimçiler, täze başlan ýaş tälimçilere tälimçiligiň inçe tilsimlerini, türgenler bilen yzygiderli okuw-türgenleşik sapaklaryny geçmekligi öwredýärler. Hormatly Prezidentimiz Ministrler kabinetiniň ýygnagynda sportuň görnüşleri boýunça 2024-nji ýylda geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlarynda Türkmenistanyň Milli ýygyndylarynyň gatnaşmaklaryny belläp geçdi. Sportuň Olimpiýa görnüşlerinden türgenleşik geçýän sport mekdebiň tälimçileri, Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komiteti bilen ysnyşykly işleýärler. Sport mekdebiň ussat tälimçileri Hormatly Prezidentimiziň özleri üçin edýän aladalaryna jogap edip, sport görnüşleri boýunça Milli ýygyndy toparymyzyň hatarynda öz türgenleriniň çykyş etmeklerini gazanmak üçin gije-gündiz arman ýadaman zähmet çekýärler.