Küşt ýaryşy

Ak bugdaý etrabynyň sport mekdebinde «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XIV spartakiadanyň çägindäki küşt ýaryşynyň welaýat tapgyry geçirildi. Ony «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölümi, welaýatyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirligi, jemgyýetçilik guramalary hem-de welaýat Baş bilim müdirligi bilelikde gurady. Ýaryşa gatnaşmaga welaýatymyzyň ähli etraplaryndan gelen okuwçy oglan-gyzlara akyl-paýhas oýny boýunça ukyp-başarnygyny görkezmäge ähli mümkinçilikler döredildi. Bu bolsa ýaryşyň gyzykly we guramaçylykly geçmegini üpjün etdi.