Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen maşgalasynyň beden saglygyny we bitewiligini gazanmak, şeýle hem, sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden wagyz etmek maksady bilen, welaýatymyzyň çäginde ýaşaýan köp çagaly maşgalalaryň arasynda “Sagdyn maşgala-sagdyn nesil” atly maşgala sport bäsleşigi geçirildi.Ahal welaýat häkimliginiň we Ahal welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň hem-de welaýat jemgyýetçilik guramalarynyň gurnamagynda geçirilen maşgala sport bäsleşigi Ak bugdaý etrabynyň Änew şäherindäki sport mekdebinde ýokary guramaçylykly geçirildi. Bu sport ýaryşynda Ahal welaýatynyň etraplaryndan köp çagaly agzybir maşgalalar özara bäsleşdiler. Ýaryş örän gyzykly we çekeleşikli boldy. Maşgala sport bäsleşiginiň netijesinde Gökdepe, Ak bugdaý, Kaka etraplaryndan ýaryşa gatnaşan maşgalalar degişlilikde baýrakly birinji, ikinji, üçünji orunlary eýelediler. Ýaryşyň ýeňijilerine we gatnaşanlara welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň adyndan ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglandylar. Ýaryşa gatnaşan köpçagaly maşgalalar Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza öz ýürek buýsançlaryny beýan edip alkyşlaryny aýtdylar.