ÝEKEGOWAK

Biziň Watanymyz-Türkmenistan tebigy, medeni we taryhy ýadygärliklere örän baý ýurtdur. Täsin ýadygärlikleriň biri Türkmenistanyň günorta serhetinde, ýurdumyzyň gözel ýerleriniň biri bolan Tagtabazar etrabynda ýerleşýär. Bu emeli gowaklar Murgap derýasynyň sag kenarynda, ýumşak gumdaşly ýerde adamlar tarapyndan gazylyp ýasalypdyr. Gowaklaryň iň ulusy Tagtabazar şäherçesiniň ýanynda ýerleşýän Ýekegowak (Ýekedeşik) ady bilen bellidir. Aslynda, Ýekegowak gowak däl-de, katakomba (ýerzemin) diýseň hem ýalňyş bolmaz. Taryhdan belli bolşy ýaly, Rim imperiýasynda giň ýerzeminleriň ulgamyna katakomba diýlip atlandyrylypdyr. Şondan bäri çylşyrymly gurluşly ýerzeminleriň ählisine katakombalar diýilýär. Olar Ýewropada, Aziýada, şol sanda Türkmenistanda hem gabat gelýär. Ýekegowak hem şolardan biri bolup, ol adamlara gaçybatalga hökmünde hyzmat edipdir. Häzirki döwürde bu ajaýyp ýadygärlik «Gadymy Merw» medeni-taryhy goraghanasyna degişlidir.