ÝARTYGÜMMEZ (AHMET AL-HADYNYŇ) KÜMMETI

Sarahs etrabynyň merkezinden 7-8 km günorta-gündogar tarapda orta asyr sarahsly ussalaryň bina eden ajaýyp gurluşyk desgalarynyň biri bolan Ýartygümmez kümmeti ýerleşýär. Häzirki wagta çenli kümmetiň dört diwaryndan günorta diwary we gündogar hem-de günbatar diwarlaryndan hem bölekler saklanyp galypdyr. Şol sebäpden hem bu ymarat halk arasynda Ýartygümmez diýlip atlandyrylýar. Kümmetiň diwarlarynyň birinde saklanyp galan arap ýazgysynyň aňlatmasynda (ol ýazgy diwardan 20-nji asyryň 70-nji ýyllarynyň ortalarynda ýykylyp gaçypdyr) bina 491-nji hijri ýylynda (1098-nji milady ýylynda) gurlupdyr. Ol as-Samanynyň berýän maglumаtyna görä, Şyh Ahmet al-Hadynyň mazarynyň üstünde bina edilipdir. Orta asyrlar döwründe ol ýerde Andukan atly uly oba ýerleşipdir. Ahmet al-Hady X-XI asyrlarda Sarahs töwereklerinde ýaşap, il içinde uly abraýdan peýdalanan musulman dininiň görnükli wekilleriniň biridir. 1994-1995-nji ýyllarda ýadygärlikde dikeldiş işleri alnyp baryldy. Şeýle hem 2004-nji ýylda sarahsly we köneürgençli ussalar tarapyndan rejeleýiş işleri geçirildi.