GARAHANGALA

Bu gala Kaka etrabynyň Garahan obasyndan, takmynan, 5-6 kilometr demirgazykda ýerleşýär. Gala taraplary 120 metre deň bolan dörtburçluk görnüşinde gurlupdyr. Galanyň günorta tarapdaky ganatynyň ortasynda giňligi 3,5 metre barabar bolan derweze gurlupdyr. Derwezäniň iki gapdalynda diwaryň deňesinden 3,5 metr öňe çykyp duran, töwerek görnüşinde salnan iki sany diň bolup, olaryň beýikligi 4 metre barabardyr. Dörtburçluk görnüşinde bina edilen bu galanyň her burçunda bir diň uzakdan seleňläp görünýär. Diwarlary 1 metr pagsadan salnyp, olaryň häzirki beýikligi 4 metr çemesidir. Galanyň daş-töweregi garym we gaçy bilen gurşalypdyr. Gala XVIII asyryň aýaklary XIX asyryň başlary bilen senelenýär. Galanyň ilaty ekerançylyk we maldarçylyk bilen meşgul bolupdyr. XIX asyryň ortalarynda gözbaşyny dag eteginden alyp gaýdýan Nöwrekçaýyň suwunyň kesilmegi zerarly, galanyň ilaty bu ýerden günorta tarapa süýşmäge mejbur bolupdyr.