MÜRÇELI TAÝPASYNYŇ TARYHY

Ahal welaýatynyň häzirki Bäherden demirýol stansiýasyndan 4 km günorto-günbatar tarapynda gadymy gala hem-de Mürçe obasy ýerleşýär. Gadymy Mürçe obasynyň daş töweregi 4-10 kilometr aralygynda üç tarapyndan birnäçe tireler bilen gurşalan. Olardan, Garadaşly, Hoja we Seýit tireleri, aglaba bölegi bolsa Teke tiresi bolup durýar. Mürçe obasynyň günorto tarapyny, 1 kilometra barabar uzaklygy öz içine alýan Köpetdagy ýerleşýär. Mürçeli taýpasynyň Mürçeli diýilip atlandyrylmagynyň sebäbi, şol taýpanyň Mürçe obasyna gelip düşmegi bilen bagly bolup durýar. Hat-da şol taýpaň adamlary hem, özlerine Mürçeli diýip at dakypdyrlar. Häzirki wagtda Mürçeli taýpasyny Türkmenistanyň ähli ýerlerinde tanaýarlar. Mürçe sözi, garyp, güýçsiz, uly bolmadyk we garynja diýen manylary aňladýar. Ol ýerlerdäki taryhy ähmiýetli gadymy galalary, Türkmenistanyň ähli künjeginden görmäge gelýärler. Ol galalaryň durky häzirki wagta çenli gowy saklanyp galypdyr. Hormatly Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda, Türkmenistan döwletimiziň ajaýyp taryhyny dünýä ýaýmakda uly işler alynyp barylýar. Bu bolsa Türkmenistanyň dünýä ýüzünde tanalmagyna, at-abraýynyň has-da belende galmagyna ýardam edýär.