Berkarar döwletimiziň täze galkynyşlar eýýamynda “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda Kaka etrap sport mekdebinde ýaşlaryň hemmetaraplaýyn aň-düşünjeli we hünär eýeleri bolup ýetişmeklerini, boş wagtlaryny peýdaly geçirip, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklaryny gazanmak maksady bilen, wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. TMÝG-nyň Kaka etrap geňeşiniň hem-de Kaka etrap sport mekdebiniň ýörite meýilnamasy esasynda bilelikde geçiren maslahatynda bedenterbiýäniň we sportuň ynsan saglygynda uly ähmiýete eýedigi, sport bilen meşgullanmagyň adam bedeniniň berkemeginde ornunyň uludygy, sportuň beden we ruhy taýdan sagdynlygy, çuňňur pikirlenmegi, netije çykarmak endiklerini, ugurtapyjylygy, çeýeli ösdürýänligi hem-de ýaş nesliň sagdyn ösüp kemala gelmegine ýardam edýänligi barada nygtaldy.