ÝAHDAN

Ýahdan-bu biziň eli hünärli ata-babalarymyzyň döredijilik ukybynyň täsin ýadygärligidir. Suw türkmen üçin hemişe birinji derejeli zat bolupdyr. Şonuň üçin hem olar gary tomsa alyp galmagyň çözgüdini tapypdyrlar. Ussalar ilki gerek möçberde ýeri tegeläp çyzyp, iki-üç metr çemesi gazýarlar, soň şol tegelek çukuryň içine goşa öküzi salyp, döwek döwdürýän ýaly aýlaýarlar. Toprak gataýar. Ýaňky tegelek çukuryň daşyndan tegeläp çig kerpiçden ýa-da pagsadan haýat aýlap, hüjre ýaly barha ýokarlygyna çürelýän gümmezi emele getirýärler. Minara meňzeş ýahdanyň ýokarsy deşik bolýar. Kiçijik gapysy - ötügi gündogara tarap bolýar. Bu garaňky jaýa gyşyna gar daşap, depeläp doldurýarlar. Indiki gara çenli, arly tomus munuň içinde gar münder bolup ýatandyr. Ýahdany sowadyjy hökmünde azyk önümlerini saklamakda peýdalanypdyrlar. Kaka etrabynyň merkezinden 22 kilometr günortada ýerleşýän Köne Hywaabat galasynyň ýanyndaky bu ýahdan «Abiwerd» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň garamagyndaky goralýan ýadygärlikdir.