Etlek ýaprakly derman hem azyklyk ösümligiň dünýäde 580, Türkmenistanda 1 görnüşi duşýar. Ol maýyň ahyryndan noýabryň başyna çenli gülleýär we miweleýär. Semzek yssy howany halaýan we sowuga çydamsyz ösümlik. Ösümligiň dermanlyk maksatlary üçin oty we tohumy çig mal bolup hyzmat edýär. Ösümligiň toprakdan ýokarky böleginde uglewodlar (glýukoza, fruktoza, saharoza), belok, kletçatka, mineral duzlar, kaliý, kalsiý, magniý, natriý, organiki turşylyklar, glikozidler, alkoloidler, A,E,PP witaminler, likwiritin flawonoidi saklanýar. Ýapragynda – goňur, çomuç fenolkarbon turşuluklary bar. Ösümlik mundan müň ýyldan gowrakdan bäri iýmit hem dermanlyk hökmünde peýdalanylyp gelinýär. Halk lukmançylygynda semzek bagyr, böwrek, peşew haltasynyň kesellerinde hem-de garyndyr bagyr we böwrek yzalarynda neplenilýär. Şonuň ýaly-da ýüregiň işleýşini gowylandyrmak, arterial basyşy ýokarlandyrmak üçin hem-de süýji keselinde haýyrlanylýar. Türkmen halk lukmançylygynda ösümligiň toprakdan ýokarky bölegini çişleriň we siňňiliň garşysyna serişde hökmünde peýdalanýarlar. Dömme çişlere ýapgy görnüşinde ulanýarlar.