Gadymy hem uzak ýaşaýan arçalaryň hataryna girýän arçalaryň dünýäde takmynan, 70, Türkmenistanda 2 görnüşi duşýar. Daragt aprel-maý aýlarynda gülleýär. Arçanyň dermanlyk maksatlary üçin miwesi (gozaly iýmişi) hem pürleri (ýapragy) çig mal bolup hyzmat edýär. Daragtyň pürlerinde hem miwesinde dermanlyk häsiýetli efir ýagy saklanýar. Agajyň tämiz şahajygynda 0.87% -e çenli efir ýagy toplanýar (olaryň 77% peninler. 12% pedrola we beýlekiler). Bişen gozaly iýmişinde 20% deňiç şeker, 2,5% polisaharidler, 0,18 % kumarin, C witamin (8,8%), 0,10% glikozid, 4,80% sakyzjymak hem boýag maddalary saklaýar. Türkmen alymlary arçanyň dermanlyk görnüşleriniň we serişdeleriniň antibakterial, ýarany çalt bitiriji häsiýetlerini, ýanyklaryň dürli görnüşlerine we ekzema neplidigini anykladylar. Daragtyň iýmişinden taýýarlanan melhemlik şire oňat peşew ýörediji serişdedir. Ösümligiň efir ýagy iýmit siňdiriş ulgamynyň nemli bardalaryny gyjyndyrýar, içegelere haýyrly, gakylyk goparyjy, bronhial mäzleriniň bölüp çykarýan suwuklygyny güýçlendirýär.