«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany»

Ýiti ýakymly ysy bolan narpyzyň dünýäde takmynan 50-den, Türkmenistanda 5 görnüşi duşýar. Ajy narpyzyň watany- Angliýa hasaplanýar. Ony ol ýerden Aziýanyň we Amerikanyň ýurtlaryna ýaýradypdyrlar. Narpyz iýun aýynyň ahyryndan sentýabra çenli gülleýär. Narpyzyň dermanlyk maksatlary üçin toprakdan ýokarky bölegi- oty hyzmat edýär. Ösümligiň otunda efir ýagy- mentol, menton, pinen, limonen, sineol, dipenten, pulegon, C witamin, karotin, rutin we beýleki organiki turşylyklar, ýelim maddalary, betanin, gesperdin, mikroelementler saklanýar. Ajy narpyzyň düzümindäki efir ýagy lukmançylykda, parfyumeriýada, süýji-köke hem likýor-arak önümçiliginde ulanýar. Esasan, lukmançylyk tejribesinde mentol ulanylýar. Ony ýürek yzalarynda, aşgazan-içege ulgamynyň bozulmalarynda, gysylýan kolitlerde hem eneterokolitlerde neplenýär. Mentol ýagy bagyr hem öt haltanyň sökelliklerinde peýdalanylýar. Mundan başga-da, narpyzly çaýy ukusyzlykda, nerw ulgamyny kadalaşdyrmakda hem rahatlandyrmakda haýyrlanmak maslahat berilýär.