Buýan

Buýan Türkmenistanyň köp ýerlerinde duş gelýän, dermanlyk maksatlary üçin gory ýeterlik, täsin dermanlyk ösümligidir. Ösümligiň dermanlyk köki bilen ýerasty baldagy çig mal bolup hyzmat edýär. Buýan kökünde glisirrizin, flawonoidler, steroidler, efir ýagy, C witamini, sakyz we krahmal saklanýar. Buýan köki ylmy hem-de halk lukmançylygynda ýokary dem alyş ýollarynyň kesellerinde, ýagny bronhitde, öýken sowuklamasynda, demgysmada, onkibarmak içegäniň sökelliklerinde ir döwürden bäri ulanylyp gelinýär. Hytaýda buýan gadym zamanlardan bäri belli. Bu ýerde ony garratmaýan serişde hökmünde peýdalanypdyrlar. Buýan iýmit, konditer, reňk senagatynda, dürli içgileri taýýarlamakda giňden ulanylýar.