«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany»

Tasin melhemligiň watany – Günorta-gündogar Aziýa bilen Günbatar Hindistan hasaplanýar. Ösümligiň porrugy we ýagy dermanlyk çig mal bolup hyzmat edýär. Zenjebiliň porrugynda 0,25-3% efir ýagy, gingerol, ýiti tagam beriji –şagol, keton, ýag, krahmal, sakyzlar, taninler, şeker we fenol maddalary saklanýar. Halk lukmançylygynda zenjebil nerw sökelliklerinde, ysmazda, sarygetirmede, peşewiň damjalap gelmeginde, içgeçmede, mäzleriň çişmeginde (ýapgy etmek arkaly) haýyrlanylýar. Ösümligiň porrugyndan taýýarlalan tozy sowuk we çygdan dörän bogunagyry bilen çişlerde neplenýär.