Oba hojalygy — ykdysadyýetiň möhüm pudagy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda dünýä hojalyk ulgamyna işjeň goşulyşýan ata Watanymyz Türkmenistanyň ykdysadyýeti bedew bady bilen ösýär. Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli döwlet syýasaty netijesinde ykdysadyýetimiziň oba hojalyk pudagy senagat ulgamy bilen deň derejede alnyp barylýar. Dünýäniň ösen döwletlerinde öndürilen ýokary derejeli oba hojalyk tehnologiýalarynyň ýurdumyza getirilmegi we pudagyň işiniň dürli ugurlaryna ornaşdyrylmagy, daýhanlaryň kämil tilsimatlar bilen üpjün edilmegi hem-de olara ýer we adam arasyndaky gatnaşyklary üstünlikli guramaga ýardam berýän ähli şertleriň döredilip berilmegi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Ýurdumyzyň ykdysady kuwwadyny artdyryp, oba hojalygyny ösdürmek meselelerini hemişe üns merkezinde saklaýan hormatly Prezidentimiziň welaýatlary mundan beýläk-de ösdürmekde, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmekde edýän tagallalarynyň ýerine düşýändigi Watan harmanyna tabşyrylan bol hasyllarda aýdyň görünýär.