«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany»

Bitarap Türkmenistanyň BMG-niň nobatdaky wajyp resminamasynda öz beýanyny tapan, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda işjeň durmuşa geçirilýän netijeli daşary strategiýasy ýene-de bir gezek dünýä bileleşiginiň goldawyna eýe boldy. BMG-niň 75-nji sessiýasynyň 59-njy mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda “Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny” atly Kararnamasy biragyzdan kabul edildi. Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletleriň 72-si bu Kararnamanyň awtordaşy bolup çykyş etdi.