«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany»

Milli ykdysadyýet baý tebigy, ykdysady, maýa goýum kuwwatyny peýdalanmak, döwletara hyzmatdaşlygy giňeltmek we daşary ykdysady mümkinçiligini ýokarlandyrmak bilen, üstünlikli diwersikasiýalaşdyrylýar. Häzir ýurdumyzda döwrebap tehnikalary we iň täze tehnologiýalary peýdalanmagyň, ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny sanlylaşdyrmagyň, innowasion önümçilik düzümlerini döretmegiň, döwletimiziň dünýä ykdysady ulgamyna goşulmagyny çuňlaşdyrmagyň, halkara hyzmatdaşlygy giňeltmegiň hem-de maýa goýum işini işjeňleşdirmegiň esasynda durnukly ösüşiň berk binýadyny kemala getirmäge niýetlenen özgertmeler geçirilýär.