Ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesliň tebigy zehin-başarnygyny doly ýüze çykarmak, ösdürmek we olaryň ylym-bilime höwesini artdyrmak ugrunda netijeli işler alnyp barylýar. Muňa mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilýän taslama-döredijilik bäsleşikleri-de aýdyň mysaldyr. Ine, şolaryň biri-de Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan şu ýylyň 15-16-njy martynda geçirilen, ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň arasynda yglan edilen «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly bäsleşigiň çäklerinde guralan ylmy-döredijilik taslama bäsleşiginiň jemleýji tapgyrydyr. Bu bäsleşigiň maksady hormatly Prezidentimiziňokuwçylaryňtebigy zehin-başarnygyny ösdürmek, häzirki zamanyňýokary talaplaryna laýyk döredijilikli pikirlenýän ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek baradaky talaplaryny berjaý etmekden, olary hünäre ugrukdyrmak hem-de okuw dersleri boýunça ylmy-döredijilik işi bilen meşgullanýan zehinleri ýüze çykarmakdan we höweslendirmekden ybarat boldy. Elbetde, zehinli okuwçylaryňylmy-döredijilik taslama işlerinde milli Liderimiziňylym-bilim ulgamynda öňde goýýan wezipeleridir bildirýän talaplary, döwrebap ösüşiňugurlary özboluşly beýanyny tapýar. «Altyn asyryňaltyn zehinleri» atly bäsleşigiň çäginde geçirilýän ylmy-döredijilik taslama bäsleşiginiň döwlet tapgyrynda ynsanperwerlik we durmuş bilimleri ylmy ugry (Türkmenistanyň taryhy) boýunça welaýatymyzyň Sarahs etrabynyň 18-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçylary Mähriban Babajanowanyň, Nurmuhammet Maksadowyň «Türkmenistanyň ýadygärlikleriniň ensiklopediýasy» ylmy-taslama işi ikinji orna, takyk ylmy ugurly dersler boýunça Tejen şäheriniň tebigy ugurly okuw dersleri çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen umumybilim berýän 3-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Adyl Nurberdiýewiň we Tejen şäheriniň 8-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Öwezgeldi Agajanowyň «Suw baýlyklaryny obasenagat toplumynda rejeli peýdalanmak we önüm bolçulygyny döretmek» ylmy-taslama işleri emin agzalary tarapyndan üçünji orna mynasyp görüldi. Ylmy-döredijilik taslama işleri üçin Bilim ministrligi tarapyndan diplomlara we ýadygärlik sowgatlara mynasyp bolan okuwçylary gazanan ýeňşi bilen gutlaýarys. Zehinli ýaşlara ylym-bilim dünýäsinde geljekde hem üstünlikler hemra bolsun!