«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany»

Türkmenistanyň Prezidenti Gahryman Arkadagymyzyň 2021-nji ýyly ,,Türkmenistan-Parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany’’ diýip atlandyrmagy bilen Sarahs etrap medeniýet bölüminiň medeniýet merkezinde iş meýilnamasy esasynda ,,Türkmenistan-Parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýyly mynasybetli ,,Millilik sahawatly ýörelge” ady bilen aýdym-sazly medeni çäre geçirildi.Sarahs etrap merkezi kitaphanasy ,,Dünýä dolýar şanymyz” ady bilen gürrüňdeşlik hem-de Gahryman Arkadagymyzyň keramatly kitaplaryndan sergi gurnalyldy. Sarahs etrap medeniýet merkeziniň aýdymçylarynyň ýerine ýetiren aýdymlary ,,Sarahs nagmalary” folklor-tans toparlarynyň çykyşlary bagtyýar zamanamyzyň waspçysy bolup ýaňlandy. Türkmen medeniýetiniň we sungatynyň Hak Howandary Gahryman Arkadagymyzyň şeýle ajaýyp mümkünçilikleri döredip berendigi üçin köp-köp sag bolsun aýtdylar.