«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany»

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň üstünlikli durmuşa geçirýän döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlar ýurdumyzyň bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ylymly-bilimli, Watana, halka, beýik pederlerimiziň ýol-ýörelgelerine wepaly, ruhubelent, maksada okgunly, zähmetsöýer ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek, häzirki zaman enjamlaryndan oňat baş çykarýan, başarjaň hünärmenleri taýýarlamakda has ýokary netijeleri gazanmak baş wezipelerdir. Ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesil çäksiz alada bilen gurşalýar hem-de ýaşlaryň bilim almagy, hünär öwrenmegi we ählitaraplaýyn sazlaşykly ösmegi ugrunda guwandyryjy işler durmuşa geçirilýär. 2020 — 2021-nji okuw ýylynyň dowamynda 10-11-nji synp okuwçylarynyň arasynda geçirilmegi däbe öwrülen okuw dersleri boýunça “Altyn asyryň altyn zehinleri” atly bäsleşigiň döwlet tapgyry Ak bugdaý etrabynyň takyk we iňlis dili derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdebinde 2021-nji ýylyň aprel aýynyň 5-ine we 8-ine guramaçylykly geçirildi. Bäsleşikde welaýatymyzyň umumybilim berýän orta mekdeplerinden zehinli okuwçylarynyň 22-si baýrakly orunlara mynasyp boldular. “Altyn asyryň altyn zehinleri” atly bäsleşigiň döwlet bäsleşiginde ýeňiji bolan zehinli okuwçylarymyzy üstünlikleri bilen gutlaýarys!