«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany»

Hormatly Prezidentimiziň Mähriban Arkadagymyzyň 2021-nji ýyly “Türkmenistan-Parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany”diýip atlandyrmagy bilen Tejen etrap Medeniýet bölüminiň Babadaýhan geňeşligindäki oba medeniýet öýünde 2021-nji ýyl Bütin dünýä Saglyk güni, Türkmen Bedewiniň we Türkmen Alabaýynyň baýramy mynasybetli ýaş çeper höwesjeňleriniň gatnaşmagynda sergi gurnaldy. Sergide çeper höwesjeňler halkymyzyň milli buýsanjy bolan bedewlerimiziň ýyndamlygyny,gözelligini türkmen alabaýynyň wepalylygyny belent duýgyda wasp edýän eserleri giňden ýaýbaňlandyryldy. Türkmen bedewiniň we Türkmen Alabaýynyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda alyp barýan işleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň jany sag başy dik ýurdy abadan bolsun!