«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany»

Ahal welaýatynyň etraplarynyň we Tejen şäheriniň bilim bölümlerine degişli bolan mekdebe çenli çagalar edaralarynyň terbiýeçileriniň arasynda 2021-nji ýylyň fewral aýynyň 9-11-i aralygynda “Ýylyň terbiýeçisi – 2021” bäsleşigiň etrap, şäher tapgyry geçirildi. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň bilim ulgamyny ösdürmekde alyp barýan syýasatynyň talaplaryna laýyklykda ýaş nesle döwrebap, milli ruhda bilim-terbiýe bermekde döredijilikli işleýän, işbaşarjaň, çagalaryň zehinlerini we ukyplaryny ösdürmekde baý tejribesi bolan öňdebaryjy terbiýeçileri ýüze çykarmak maksady bilen geçirilen bu bäsleşikde terbiýeçiler özleriniň hünär kämilliklerini, alyp barýan okuw-terbiýeçilik, usuly işlerini beýan edip özara bäsleşdiler.