Hormatly Prezidentimiziň döwletimizi ösdirmegiň täze tapgyrynda öňe sürýän başlangyçlarynyň hatarynda ýurdyň medeniýetini, ylmyny kämilleşdirmek, halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek wezipeleri bolup, olar adamzadyň ruhy genji-hazynasyna uly goşant goşan türkmen halkynyň baý medeni mirasyny hemmetaraplaýyn öwrenmäge we dünýä ýaýmaga ýardam edýär. Medeniýet-adamzat tarapyndan döredilen we döredilýän, şahsyýetiň sazlaşykly ösdürilmegine, watançylygy terbiýelemäge, ýokary ahlaklylyk we ruhy ahlaklylyk häsiýetlerini kemala getirmäge, Türkmenistanyň raýatlarynyň estetiki talaplaryny, bähbitlerini kanagatlandyrmaga gönükdirilen maddy we ruhy gymmatlyklaryň jemi bolup durýar. 2010-njy ýylda «Medeniýet hakynda» Türkmenistanyň kanunynyň kabul edilmegi bu ulgamy kämil, döwrebap hukuknama bilen üpjün etdi. Medeniýet ulgamynda ýurdumyzyň ykdysadyýetinde, medeni-durmuş ulgamynda amala aşyrylýan düýpli özgerişlikler öz täsirini ýetirdi. Hormatly Prezidentimiz dürli ugurlara degişli ençeme atalyk kitaplaryny ýazdy, olardan «Türkmen medeniýeti», «Ile döwlet geler bolsa...», «Parahatçylyk sazy, dostluk doganlyk sazy» atly kitaplary gönüden-göni türkmen medeniýeti, sungaty bilen baglanyşyklydyr. Mähriban Arkadagymyzyň «Türkmen medeniýeti» atly kitabynda halkyň köpasyrlyk medeni mirasy hem-de medeniýet ulgamynda häzirki zaman döwlet syýasatynyň wezipeleri hakynda giňişleýin maglumatlar ýerleşdirilendir we bu kitap häzirki wagtda medeniýet, sungat işgärlerine ähli babatda gymmatly gollanma bolup hyzmat edýär. Biziň medeniýetimiziň, sungatymyzyň ösmegi üçin uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag başynyň dik, il-ýurt umumadamzat bähbitli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris.