«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany»

Babadaýhan etrabynyň Medeniýet bölüminde 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 76 ýyllygy mynasybetli uruş ýyllarynda tylda zähmet çeken weteranlar bilen duşuşyk geçirildi. Etrap merkezi kitaphanasynyň guramagynda geçirilen duşuşykda zähmet weteranlary bagtyýar durmuşda ýaşaýandyklaryny uly buýsanç bilen bellediler. Duşuşykda teatr artistleriniň görkezen edebi-sazly kompozisiýasy gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy. Kitaphana hünärmenleri hormatly Prezidentimiziň ajaýyp eserleri «Älem içre at gezer», «Döwlet guşy» atly kitaplarynyň baý many-mazmuny barada täsirli gürrüň berdiler. Duşuşyga gatnaşyjylar halkyny asuda, parahat, abadan durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyza özleriniň alkyş sözlerini aýtdylar. Duşuşygyň çäginde kitap sergisi hem guraldy.