«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany»

Ahal welaýatynyň Tejen şäher medeniýet merkeziniň meýilnamasy esasynda Tejen şäheriniň Medeniýet öýünde 2021-nji ýyl “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli aýdym-sazly medeni çäresi dabaraly geçirildi. Aýdym-sazly medeni çäresine Tejen şäher medeniýet merkeziniň estrada aýdymçylary bilen bilelikde “Zyýada” tans topary hem gatnaşdylar. Olaryň ýerine ýetiren aýdymlary hem-de tanslary aýdym-sazly medeni çäresiniň şowhunyny has-da artdyrdy we taýýarlan täze aýdymdyr-tanslaryny tomaşaçylara hödürlediler. Şeýle-de ussatlyk bilen ýerine ýetiren aýdym-sazlary, tanslary tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn el çarpmalar bilen garşylandy.