Ýakynda Kaka etrap Medeniýet bölüminiň mejlisler zalynda hormatly Prezidentimiziň “Ak şäherim Aşgabat” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Dabara Kaka etrabynyň jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri, bilim işgärleri şeýle hem, Medeniýet bölüminiň döredijilik toparynyň işgärleri işjeň gatnaşdylar. Kitapda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe paýtagtymyzy ösdürmekde gazanylan üstünlikler hakynda jikme-jik gürrüň berilýär. Bu eseri okap, milli Liderimiziň zehinine, häzirki zamanyň ösen şähergurluşyk ylymlaryndan baş çykaryp, iň täsin taslamalary hem ýokary netijelilik bilen durmuşa geçirmek ussatlygyna haýran galýarsyň. Täze kitap döwlet Baştutanymyzyň Watanymyza, paýtagtymyza, mähriban halkymyza çuňňur söýgüsinden döräpdir. Munuň şeýledigine kitapda ählimiziň söýgüli şäherimiziň üýtgeşik gözelligini açyp görkezýän, döredijilik duýgurlygy bilen saýlanyp alnan fotosuratlarda hem aýdyň görmek bolýar.