’’Türkmenistan - parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany’’ ýylyň başyndan dabaraly çäreler toý-dabaralara beslenip başlandy. Gökdepe etrap Medeniýet bölüminiň agzybir işgärleri hem her bir toýa özüniň mynasyp sowgatlary bilen gelýärler. Baharyň ilkinji buşlukçysy bolan 8-nji mart Halkara Zenanlar güni bu ajaýyp baýramy hem her bir adamy biparh goýmaýar. Ýakynda mähriban zenanlarymyza baýramyna bagyşlanyp, Gökdepe etrap Medeniýet merkezinde dabara geçirildi. Bu dabarany Türkmenistanyň telewideniýe we radiogepleşikler, kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň ’’Miras’’ teleýaýlymy tarapyndan teleýazga geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň ’’Enä tagzym-mukaddeslige tagzym’’ atly kitabyndan ene dogrusynda aýdylan täsirli setirler okaldy we kümüş saçly eneleri we gelinleri, bahar ýürekli gözelleri wasp edýän ajaýyp aýdymlar ýerine ýetirildi. Şeýle mümkinçilikleri döredip berýän Hormatly Prezidentimiziň jany sag, belent başy aman bolsun, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri elmydama rowaçlyklara beslensin.