«Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany»

Türkmenistanyň Prezidenti mähriban Arkadagymyzyň 2021-nji ýyly ,,Türkmenistan-Parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýip atlandyrmagy bilen Sarahs etrap medeniýet bölüminiň medeniýet merkezinde iş meýilnamasy esasynda ,,Türkmenistan-Parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýyly mynasybetli ,,Milli bahar baýramy-Parahatçylygyň, dost-doganlygyň baýramy” ady bilen aýdym-sazly medeni çäre geçirildi. Sarahs etrap merkezi kitaphanasynyň we medeniýet işgärleriniň gatnaşmagynda ,,Bereket nuruny saçan Nowruzym” ady bilen ertirlik hem-de mähriban Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän ajaýyp kitaplaryndan sergi gurnadylar. Sarahs etrap medeniýet merkeziniň ,,Sarahs nagmalary” folklor-tans toparlarynyň çykyşlary, aýdymçylaryň aýdym-sazynyň owazy belentden-belent ýaňlandy. Her bir günümizi, durmuşymyzy, zamanamyzy toý-baýrama besleýän hormatly Prezidentimize ýürekden alkyşlar aýtdylar.