Watan goragçylarynyň güni mynasybetli Babadaýhan etrabynyň Garawekil obasyndaky sport mekdebiniň sport meýdançasynda TMÝG-niň etrap Geňeşiniň hem-de sport mekdebiniň bilelikde guramagynda «Biz — watançy nesiller» ady bilen sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryş geçirildi. Onda ýaş türgenler sportuň uzak aralyga ylgamak, köpçülik bolup tanap çekmek, futbol, woleýbol, tens görnüşleri boýunça özleriniň kämilliklerini görkezdiler. Bu sport ýaryşy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe beden taýdan sagdyn, watansöýüji, ruhubelent ýaşlaryň kemala gelýändigini görkezdi. Ýeňiji bolan toparlar TMÝG-niň etrap Geňeşiniň hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandy. *** Watan goragçylarynyň güni mynasybetli Ahal welaýat gümrükhanasynda «Sport — Watan goragçylarynyň durmuşynda» ady bilen sport ýaryşlary geçirildi. Sportuň woleýbol, stoluň üstünde oýnalýan tennis, küşt, şaşka görnüşleri boýunça geçirilen ýaryşlarda gümrük nokatlarynda gulluk edýän gullukçylar özleriniň başarnyklaryny görkezdiler. Sport ýaryşlary oňa gatnaşan türgenlerde uly ruhubelentlik duýgusyny döretdi. Ýeňiji bolan Watan goragçylaryna hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.