Babadaýhan etrabynyň Sport mekdebinde Bütindünýä saglyk güni mynasybetli Babadaýhan etrap merkezi kitaphanasynyň hem-de Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Babadaýhan etrap komitetiniň bilelikde guramagynda «Saglygym – baş baýlygym» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Oňa etrap Sport mekdebinde zähmet çekýän mugallymlar gatnaşdy. Duşuşykda ýurdumyzda sporta we bedenterbiýä berilýän üns, bu ugruň döwrebap derejede ösmegi babatda durmuşa geçirilýän işler, sagdyn durmuş ýörelgelerine birkemsiz eýermegiň ähmiýeti dogrusynda gürrüň edildi. Kitaphana hünärmenleri hem Hormatly Prezidentimiziň galamyna degişli bolan ajaýyp eserlerinde ynsan saglygyny berkitmekde berilýän gymmatly maglumatlar barada gürrüň berdiler. Duşuşygyň dowamynda Hormatly Prezidentimiziň kämil paýhasyndan kemal tapan eserlerinden kitap sergi gurnaldy. Duşuşyga gatnaşyjylar ýurdumyzda milli sporty ösdürmekde we jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmekde beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag bolmagyny, döwletli tutumlarynyň rowaç almagyny arzuw etdiler.