«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany»

2021-nji ýyl “Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýyly mynasybetli Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Gökdepe daýhan birleşiginde Galla oragynyň möwsüminde gallaçy kärendeçileriň meýdan düşelgesinde, Gökdepe etrap häkimligi, Gökdepe etrabynyň Jemgyýetçilik guramalary we etrap Medeniýet bölüminiň bilelikde gurnamagynda gallaçy kärendeçiler we kombaýnçylar, mehanizatorlar üçin aýdym-sazly medeni dynç alyş çäresi geçirildi. Medeni dynç alyş çäräniň konsertinde Gökdepe etrap Medeniýet bölüminiň ussat aýdymçylary eziz Watanymyzy, Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüni wasp edýän, täze döredilen aýdymlary bilen çykyş etdiler. Medeni çäräniň geçýän ýerinde türkmeniň ak öýleri gurulup, türkmen saçagy giňden ýazyldy, türkmen milli tagamlaryň birnäçesi taýýarlanyldy. Medeniýet we sungat ussatlaryň aýdym-saz çykyşlary boldy, kitaphana sergileri gurnaldy hem-de kärendeçiler ýurdumyzda gündelik çap edilýän neşirleri gazet-žurnalaryň habarlary bilen tanyşdylar. Meýdan düşelgesinde geçirilen medeni dynç alyş çäresi gallaçy kärendeçilerde we kombaýnçylarda, oba hojalyk işgärlerinde gyzykly täsirler galdyrdy. Watanymyzy gülledip ösdürmäge, agzybir halkymyzy eşretli durmuşda ýaşatmaga ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, umumyadamzat ähmiýetli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!