Rysgal-berekede baý boljak “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” ýylynda Ahal welaýatymyzyň zähmetsöýer oba hojalykçylary hem gowaçanyň, bugdaýyň şeýle-de dürli bakja önümleriniň bol hasylyny ýetişdirmek üçin şu günlerden alada edýärler. Häzirki wagtda oba hojalykçy ekerançylary ýeralma ösdürip ýetişdirmekde uly tejribe topladylar. Ýörite saýlanyp alynan ýerlerde bu önümiň ýerli toprak- howa şertlerine laýyk gelýän görnüşleri ekilýär. Agrotehniki çäreleriň öz wagtynda we ýokary hilli geçirilmegi, suw tutulmagyň, mineral dökünler bilen goşmaça iýmitlendirilmegiň talabalaýyk ýola goýulmagy ýeralmanyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmäge mümkinçilik berýär. Şu ýyl welaýatymyzda ýazlyk ýeralma 9200 gektar ýerde ekildi. Bahar paslynyň ilkinji günlerinde guramaçylykly başlanan ekilen meýdanlarynda ideg işleri alnyp barylýar.