Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda oba hojalygynda zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmak, pudagyň durnukly ösüşini üpjün etmek üçin, ilkinji nobatda, sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmagyň zerurdygyny bellemek bilen, bu günki gün döwletimiz ekerançylaryň bugdaýyň, gowaçanyň, şalynyň, gant şugundyrynyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmegi hem-de azyk bolçulygyny üpjün etmek üçin ähli şertleri döredýär. Şol wezipeler oba hojalygynyň düşewüntliligini ýokarlandyrmakdan, ýer we suw serişdelerinden rejeli peýdalanmakdan, ekerançylyk meýdanlarynyň ýagdaýyny gowulandyrmakdan, olary suwaryş suwy bilen üpjün etmekden, pudaga bazar usullaryny ornaşdyrmakdan hem-de hususy telekeçileri giňden çekmekden ybaratdyr. Şu maksat bilen ýurdumyzyň ähli sebitlerinde döwrebap ýyladyşhanalar, sowadyjy ammarlar, maldarçylyk toplumlary, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän kärhanalar gurulýar. Ylmyň we tehnikanyň gazananlarynyň, öňdebaryjy tejribäniň, daýhanlaryň zähmetini goldamagyň hem-de höweslendirmegiň netijeli ulgamynyň yzygiderli ornaşdyrylmagy ýer eýelerini täze zähmet ýeňişlerine ruhlandyrýar. Şeýlelikde, ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň okgunly ösýändigini, içerki bazarlarda azyk bolçulygynyň üpjün edilýändigini, oba zähmetkeşleriniň durmuş derejesiniň ýokarlanýandygyny we hususy pudagyň kuwwatynyň artýandygyny bellemeli. Bularyň ählisi türkmen döwletiniň berkararlyk döwrüniň hem-de türkmen halkynyň bagtyýarlyk zamanasynyň, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça milli ykdysadyýetimizde amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň oňyn netijeleridir.