Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmek onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, ekerançylygyň medeniýetini ýokarlandyrmak boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär. Azyk bolçulygyny artdyrmak, ýer we suw serişdelerini oýlanşykly peýdalanmak daşky gurşawy goramak bilen bagly wezipeler hem üstünlikli çözülýär. Daýhan birleşikleriniň kärendeçileriň ýer eýeleriniň netijeli işlemegi üçin zerur şertleri döretmek meselelerini durmuşa geçirmäge gönükdirilendir.Oba hojalyk pudagynyň öňde goýlan bu möhüm wezipeleriň biridir. Ata-babalarymyzyň asyrlaryň synagyndan geçen däp-dessurlary halkymyz üçin gymmatly egsilmejek milli ýörelge bolup durýar. Bugdaýyň gadyr –gymmaty babatda hem şeýledir. Dana pederlerimiziň “Ekseň –bugdaý, baksaň goýun”, “Uly iliň soltany”, “Ýeriň görki galladyr, adam görki eldedir”, “Harman aldym gala aldym”, “Bugdaýy bolmadygyň, ýagdaýy bolmaz” diýen ýaly birnäçe parasatly nakyllary halkyň arasynda gallanyň –bugdaýyň sarpasynyň näderejede uludygyny görkezýär. Milli däp-dessurlarymyza çuňňur gadyr goýulýan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüp gelýän ýaş nesilleri ata-babalarymyzyň merdanalyk we zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemekde ene topraga hyzmat etmek düşünjesiniň ähmiýeti diýseň uludyr.