Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň oba hojalygyny ylmy esasda toplumlaýyn ösdürip, iň girdejili pudaklaryň birine öwrümekde, ýerlerde ösdürilip ýetişdirilýän ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmakda we azyk bolçulygyny pugtalandyrmakda uly tagallalar edilýär. Bu ugurda durmuşa geçirilýän maksatnamalaýyn işleriň netijesinde dünýäniň ösen tehnologiýalary, ata-babalarymyzyň ekerançylykda toplan baý iş tejribesi häzirki zaman ylmynyň gazananlary bilen utgaşdyrylyp, önümçilige ornaşdyrylmagy has-da guwandyrýar. Soňky ýyllarda Türkmenistanda häzirki zaman oba hojalyk pudagy hem uly işler alyp barýar. Hormatly Prezidentimiz çuňňur manyly çykyşynda şeýle belläp geçýär: “Biz oba hojalyk tolumynyň ösüşini ylym hemde ýokary tehnologiýalar bilen berk baglanyşdyrýarys” Şu parasatly sözlerden görnüşi ýaly ýurdumyzda oba hojalygyna aýratyn üns berilýär. Oba hojalyk önümlerini öndürijileri maliýe –ykdysady taýdan goldamaga döwlet derejesinde uly ähmiýet berilýär.