Ekerançylyk oba hojalygyň esasy pudagydyr

Türkmenistanyň oba hojalygy ýurdumyzyň halk hojalygynyň esasy pudagydyr. Sebäbi oba hojalygy halkyň azyk önümlerine hem-de azyk we ýeňil senagatynyň çig mala bolan barha ýokarlanýan talabyny kanagatlandyrýan maddy önümçiligiň wajyp pudagydyr. Oba hojalygy biziň her birimiz üçin örän möhüm bolan esasy maddy we energiýanyň başga hiç bir zat bilen çalşyp bolmajak görnüşi bilen üpçün edýär. Ekerançylyk – bu azyklyk, tehniki we ot-iýmlik ekinleri ösdürip ýetişdirmek hem-de olardan bol hasyl almak bilen meşgullanýan oba hojalygynyň esasy önümçilik pudagydyr. Türkmenistanyň ekerançylygynyň esasy ileri tutlýan pudaklaryna däneçilik,pagtaçylyk, şalyçylyk, şugundurçylyk we beýlekiler degişlidir. Oba hojalyk ylmy hökmünde ekerançylyk ýerleri netijeli peýdalanmagyň, topragyň gurplulygyny artdyrmagyň hem-de oba hojalyk ekinlerinden durnukly ýokary we özüne düşýän gymmaty pes hasyl almagyň öňde baryjy usullaryny işläp düzmek bilen meşgullanýar.