Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe beýleki pudaklar bilen bir hatarda Oba hojalyk pudagy milli ykdysadyýetiň möhüm pudagy hökmünde bedew bady bilen öňe barýar. Bu pudagyň netijeliligini artdyrmaga, dürli görnüşli, ýokary hilli önümleriň önümçiligini ýokarlandyrmaga, azyk bolçulygyny üpjün etmäge, maksatnamalaýyn işleri durmuşa geçirmäge gönükdirilen işler yzygiderli ýagdaýda durmuşa geçirilýär, bu ugurdaky kanunçylyk binýady kämilleşdirilip. Ilki bilen, ýer we suw gorlaryny netijeli peýdalanmaga, agrosenagat toplumlary döwrebaplaşdyrmaga, ulgama sanly tehnologiýalary ornaşdyrylmaga üns berilýär.Oba hojalygynda geçirilýän şeýle düýpli özgertmeler ekinlerden ýokary hasyl almakda ýurdumyzda azyk bolçulygyny berkitmekde eksport mümkinçiligimizi ýokarlandyrmakda hem-de senagaty çig mal bilen üpjün etmekde örän uly ähmiýete eýedir. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taryhy karary bilen bugdaýyň döwlet tarapyndan satyn alyş bahasynyň ýokarlandyrylmagy ýer eýeleriniň, kärendeçileriň işe bolan höwesini has-da artdyryp, täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrdy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzy nurana geljege alyp barýan, ýurdumyzyň oba hojalygyny özgertmekde we ösdürmekde nusgalyk işleri amala aşyrylýar.