Ýüpek gurçuklaryny idetmek möwsümini ýokary guramaçylykly alyp barýan Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň zähmetsöýer ýüpekçileri hysyrdyly hem jogapkärli işe yhlasly çemeleşýärler. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda etrabyň ýüpekçileri 1000 guty ýüpek gurçugyndan 40 tonna pile öndürmek ugrunda ähli tagallalardan netijeli peýdalanyp öz öňlerinde baş wezipe edip goýdular. Tejribeli ýüpekçilere paýlanyp berlen ýüpek gurçuklarynyň saklanylýan jaýlary doly talaba laýyk ýagdaýda alnyp barylýar. Ýüpekçiler ýüpek gurçuklarynyň idedilýän jaýlarynyň tämizligine, ýylylyk derejesiniň kada laýyk saklanmagyna aýratyn ähmiýet berýärler. Ýüpek gurçuklarynyň kadaly iýmitlendirilmegi zähmetsöýer ýüpekçileriniň ýüpek gurçyklaryn pile sarap başlandygy sebäpli çekýän yhlasly zähmetiniň ýerine düşjekdiginden habar berýär. Ýüpek gurçuklaryny idetmek işinde etrabyň “Agalaň”, “Babadaýhan” şeýle-hem “Öwezmämmet Japarow” adyndaky daýhan birleşikleriniň ýüpekçileriniň zähmeti nusga alarlykdyr. “Agalaň” daýhan birleşigiň zähmetsöýer ýüpekçileri şu ýyl 54 guty ýüpek gurçugyndan 2150, “Babadaýhan” daýhan birleşiginiň zähmetsöýer ýüpekçileri 43 guty ýüpek gurçugyndan 1700, şeýle-hem “Öwezmämmet Japarow” adyndaky daýhan birleşikleriniň zähmetsöýer ýüpekçileri 78 guty ýüpek gurçugyndan 3130 kilogram pile almagy meýilleşdirýärler. Meýilnamalaýyn borçnamalaryny doly ýerine ýetirmek üçin Tejen etrabynyň ýüpekçileri häzirden janypkeşlikli zähmet çekýärler.