Bahar paslynyň häzirki günlerinde maldarlaryň durmuşynda jogapkärli döwür bolan dowarlardan owlak –guzy almak möwsümi dowam edýär. Welaýatymyzyň maldarlary bu möwsümi guramaçylykly we üstünlikli alyp barýarlar. Mallaryň baş sanyny artdyrmak we önümliligini ýgokarlandyrmak hem-de önüm bolçulygyny pugtalandyrmak ugrundaky tagallalara saldamly goşant goşýan maldarlarymyzyň häzirki jogapkärli günlerde alyp barýan işleri bellenmäge mynasypdyr. Welaýatymyzyň daýhan birleşikleriniň maldarlary dowarlardan sagdyn owlak-guzular almagy gazanýarlar. Dowarlardan alynýan owlak-guzular giň sähralaryň we ýaýlalaryň gözelligine özboluşly gözellik goşýar. Maldarçylyk we guşçylyk senagaty döwlet birleşiginiň welaýatymyzyň çägindäki maldarçylyk hojalyklarynda hem jogapkärli möwsüme möhüm ähmiýet berilýär. Şoňa görä-de, bu hojalyklarda dowarlardan sagdyn owlak-guzy, düýelerden köşek almak ugrundaky tagallalar ýerine düşýär.