«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany»

Gahryman Arkadagymyz bagtyýar halkymyzyň, şol sanda ýaş nesliň saglygyny goramagy ilkinji derejeli möhüm wezipe hökmünde üns merkezinde saklaýar. Milli Liderimiz şol maksat bilen, bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we sagdyn durmuş ýörelgelerini ösdürmekde uly tagalla edýär. Ata Watanymyzda ynsan saglygy we bagtyýarlygy ugrunda üstünlikli durmuşa geçirilýän işleriň ähmiýetini ilata düşündirmekde sazlaşykly işleri yzygiderli häsiýetde alyp barýarys. Häzirki günlerde Tejen etrabynyň çägindäki edara-kärhanalarda howanyň sowamagy bilen baglylykda döräp biläýjek keselleriň öňüni almak, arassaçylygyň düzgünlerini berjaý etmek, agyz-burun örtüklerini talabalaýyk ulanmak boýunça wagyz-nesihat işlerine aýratyn ähmiýet berýäris. Şeýle işler etrapdaky umumybilim berýän orta mekdeplerde zähmet çekýän mugallymlaryň, bilim alýan okuwçylaryň arasynda hem guralýar. Etrap häkimliginiň, etrabyň hukuk goraýjy edaralarynyň wekilleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, etrap hassahanasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda bilelikde geçirilýän wagyz-nesihat işleriniň barşynda ata Watanymyzyň ösüşli menzilleriniň, öňegidişlikleriniň gözbaşynda Gahryman Arkadagymyzyň il-günümiz üçin edýän bimöçber aladalarynyň durandygy barada gürrüň berilýär. Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary bilen bu gün saglygy goraýyş düzümi ösüp, täze belentliklere çykýar, kämilleşýär, lukmançylyk hyzmatlarynyň netijeliligi ýokarlanýar. Bu bolsa, ata Watanymyzda, türkmen jemgyýetinde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň dabaralanmagyna şert döredýär. Wagyz-nesihat işlerinde şular dogrusynda hem gürrüň etmek bilen, bedeniň kesele garşy durnuklylygyny ýokarlandyrmak boýunça degerli maslahatlar berilýär. *** Ýakynda Tejen etrabynyň Adalat geňeşliginde raýatlaryň arasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Etrap häkimliginiň meýilnamasy esasynda geçirilen duşuşykda çykyş edenler jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgesini pugtalandyrmagyň özeninde hormatly Prezidentimiziň il-günümiziň bagtyýarlygy we abadançylygy, beden we ruhy sagdynlygy babatdaky tagallalarynyň durandygyny belläp, agyz-burun örtüklerini ulanmagyň şahsy we jemgyýetçilik arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmegiň ähmiýeti hakynda aýtdylar. Agyz-burun örtüklerini dogry ulanmak wajypdyr. Örtügiň agyz bilen burnuňy dolulygyna örtmelidigini, bu düzgünleri çagalara-da öwretmegiň zerurdygyny nygtadylar. *** Ýurdumyzda ynsan saglygy we bagtyýarlygy ugrunda alnyp barylýan işlerden ugur alyp, sagdyn durmuş ýörelgelerini jemgyýetimize doly ornaşdyrmak, sanitariýa-arassaçylyk kadalarynyň berjaý edilişini gazanmak maksady bilen, Sarahs etrabynyň sport mekdebinde “Saglygym — baş baýlygym!” ady bilen duşuşyk geçirildi. Etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň we etrap hassahanasynyň bilelikde guramagynda geçirilen duşuşyga tälimçiler we türgenler gatnaşdy. Duşuşykda ýurdumyzda sagdyn jemgyýeti pugtalandyrmakda, şonuň bilen bir hatarda ildeşlerimiziň berk bedenli, sagdyn ruhly bolup kemala gelmegini gazanmakda wagyz-nesihat işleriniň ähmiýeti dogrusyndaky gürrüňe üns çekildi. Çykyş edenler sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermegiň, sport bilen yzygiderli meşgullanmagyň ähmiýetiniň uludygyny aýdyp, gyşyň häzirki aýazly günlerinde kesellerden goranmagyň möhümdigini bellediler. Bellenilişi ýaly, her bir adam şahsy arassaçylyk kadalaryny berjaý etmelidir, jemgyýetçilik ýerlerinde howpsuz 2 metr araçägi saklamalydyr, agyz-burun örtüklerini dogry dakynmalydyr. **** Tejen şäherindäki 2-nji orta mekdepde «Sagdyn durmuş ýörelgesi üstünligiň açarydyr» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Oňa şäher häkimliginiň wekilleri, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, saglygy goraýyş edaralarynyň işgärleri, ýokary synp mekdep okuwçylary we öňdebaryjy ýaşlar gatnaşdy. Hormatly Prezidentimiziň «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmek, ýaşlaryň sagdyn durmuş baradaky aň-düşünjelerini kämilleşdirmek maksady bilen geçirilen duşuşyk täsirli boldy. Onda çykyş edenler ýurdumyzda adam sarpasynyň belentde tutulýandygyny, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň üstünlikli durmuşa ornaşdyrylýandygyny nygtadylar we jemgyýetçilik ýerlerinde agyz-burun örtüklerini ulanmagyň möhümdigi barada durup geçdiler.