Täsin gurluşly haşal derman ösümligiň dünýäde takmynan 1700, Türkmenistanda 3 görnüşi duşýar. Ösümlik iýun-iýul aýlarynda gülleýär, awgust-sentýabrda miweleri ýetişýär. Eýran itüzüminiň dermanlyk maksatlary üçin baldagy we köki çig mal bolup hyzmat edýär. Ösümligiň baldagynda we ýapragynda 0,62-0,82% alkaloidler (solasonin, solomargin, solapersmin, solasodin) bar. Miwesinde uglewodlaryň 4-4,7% çenli glýukoza, fruktoza,, saharoza, 0,2-1,03% organiki turşylyklar (limon,sadap, alma) bar. Mundan başga-da karatinoidler, C witamini, ýaglatyň hem tokoferolyň barlygy kesgitlendi. Türkmen milli tebipçiliginde hem halk lukmançylygynda eýran itüzüminiň kökünden taýýarlanylan dermanlyk şerbetini irki wagtlardan bäri merezýelde haýyrlanyp gelinýär. Halk lukmançylygynda ösümligiň baldagyndan taýýarlanylan jöwheri hem peti ýiti respirator kesellerinde, bronhitde, gökbogmada, dem gysmada, işiazda, sarygetirmede, guragyryda, deri sökelliklerinde peýdalanylýar.