AŇŇYZA

Aňňyza çomujyň bir görnüşi bolup, boýy 100-200 santimetre çenli ýetýän köpýyllyk otjumak ösümlik. Ösümlik maý-iýun aýlarynda gülleýär we miweleýär. Köki we baldagyndan çykýan sakyzlary ösümligiň dermanlyk maksatlary üçin hyzmat edýär. Ösümligiň ýaşyl ýapraklary ýokary derejede proteini, az mukdarda ýagy, kül elementlerini, saponini, kletçatkany saklaýandygyny anyklanyldy. Mundan başga-da aňňyzanyň kökünde hem baldagynda sakyzyň şireleriniň hem-de efiriň barlygy kesgitlenildi. Aňňyzanyň kökünden taýýarlanylan dermanlyk melhemi türkmen milli tebipçiliginde hem halk lukmançylygynda irki wagtdan bäri çaga çigreklemesinde ulanylyp gelinýän örän nepli serişdedir. Ösümligi “galbanum” ady bilen meşhur bolan sakyzyny hindi lukmançylygynda umumy berkidiji serişde hökmünde, gakylyk goparyjy, bronh demgysmasynyň gysylmasynda, gaýtalap durýan bronhitde, kakynda (isteriýa), ysmazda, aşgazanyň nemli bardalarynyň sowuklamasynda, amenoreýede, dürli deri kesellerinde, guragyryda (rewmatizmde) peýdalanýarlar.