№1. Çerbiýäniň köki 20,0, çopantelpegiň gülleri 20,0, eşekýorunjanyň oty 20,0, zygyryň tohumy 30,0. Agyz bilen bokurdagyň çaýkalanda ýyly jöwheri nemli bardajyklaryň sowuklamasynda ýumşadyjy serişde hökmünde peýdalanylýar. №2. Dub agajynyň gabygy 50,0, ýakymlyjanyň oty 40,0, çerbiýäniň köki 10,0. Jöwheri bilen agyz boşlugy hem bokurdak çaýkalyp, sowuklamada ulanylýar. №3. Itburunyň miweleri 100,0. Bir bulgur gaýnagy demkeşe guýup, içine miweleriniň 5-6 çemçesini atmaly. Melhem sowuklamadan ýüze çykýan islendik sökelliklerde bedeniň garşylygyny ýokarlandyrýar, çalt sagalmaga ýardam edýär. Çaý içen ýaly ulanylýar.